Möjekler hakynda gyzykly faktlar

  • Möjekleriñ beýnisi, iň ýakyn garyndaşlary bolan itlere garaňda 30% ulydyr. Bu diýmek itlerden 30% köp maglumat ýatlarynda saklap bilýär.
  • Möjekler ýörişe çykanlarynda süriniñ iň başynda süri ýolbaşçylary bolýandyr. Ýolbaşçylarynyñ hemişe guýruklary hökmany ýagdaýda dik ýokary galyp durmaly. Bu olaryñ abraýlary.
  • Möjekler söýüp saýlap alan ýarlaryna iň wepaly jandardyr. Möjekleriñ 88%-ni saýlan ýarlary bilen iň soñky demlerine çenli bile bolýar.
  • Möjekleriñ ýüňi iki gat bolýar, olaryñ biri ýylylyk, beýlekisi reñk we görk üçin.
  • Şugüne çenli tutulan iň uly möjek, Ukrainadadyr. Onuñ agramy 96 kg.
  • Bir möjegiň ortaça iň ýokary tizligi 65 km/s. Iň uzaklyga böküjiligi 5 metr.
  • Bir möjek sürisinde iň köp 40 sany möjek bolýandyr.
  • Warşawa uniwersitetynda geçirilen barlagda, 15 sany it çagasy we 14 sany möjek çagasynyň arasynda akyllylyk barlagy geçirildi. Bu barlagda it çagasynyñ 4si gowy netije aldy, emma möjekleriň ähli 15si hem ýokary netije görkezdi.
  • Diňe möjek özünden güýçli haýwan bilen urşyp bilýär we ölende garşydaşynyñ gözine seredip ölýär.
00:01
2967