Aýdymyň sözleri

Amalia — Meni gora
Meni gora, gözlerden, dillerden meni gora
Söýüp, ýüregiňden meni sora
Zalym ýekelikden meni gora
Begener ýüregim, uzadyp elleriñ
Günde meň halym sora
Seň bilen duýaýyn söýgümiň süýjüsin
Durmuşa höwes güýjesin
Söýgiň güýjesin
Eşdeýin seň sesiň
Bagtly bolmagym, ýylgyryp gezmegim
Bilsediň, elleriňde
Hasratlarda goýma, bu ejiz ýüregim
Ömrümiň her gününde
Bol sen ýanymda
Meniň ýanymda
Meni gora, gözlerden, dillerden meni gora
Söýüp, ýüregiňden meni sora
Zalym ýekelikden meni gora
Ynan sen gülmeseň, ýylgyryp bilmerin
Her günüm bagly saňa
Belki-de meň bagtym ömrüme girmegiň
Sebäbim ýaşamaga
Süýji dilleriň
Owadan ýüregiň
Seň bilen geçirsem durmuşyň her günün
Syrlarym aýtsam saňa
Gözüme seredip diňle meň ýüregim
Ot aldy yşkdan ýaňa
Söýgiňden ýaňa
Seretýäň ýana
Meni gora, gözlerden, dillerden meni gora
Söýüp, ýüregiňden meni sora
Zalym ýekelikden meni gora